TÜRKMEN MILLI ŞAÝ-SEPLERI

Türkmen halkynyň gadymy taryhy, baý medeniýeti we milli mirasy diňe bir halk döredijiliginde däl-de, eýsem gündelik durmuşda ulanylýan şaý-seplerde-de öz beýanyny tapýar. Milli şaý-sepler türkmen zenanlarynyň gözelligini artdyrmak bilen birlikde, olaryň mertebesini, ýaşyny hem-de durmuşdaky ornuny görkezýär. Türkmen şaý-sepleriniň taryhy müňýyllyklaryň jümmüşine uzaýar. Arheologik gazuw-agtaryşlarda tapylan kümüş, altyn we nepis daşlar bilen bezelen şaýlar halkymyzyň irki döwürlerde hem, zergärçilik sungatynyň ýokary derejede bolandygyny subut edýär. Her bir şaý-sepler diňe bir bezeg hökmünde däl, eýsem gorag, bagt getiriji, nesil dowamynyň berkararlygy ýaly manylary hem aňladýar. Bu günki gün milli şaý-sepler halkymyzyň medeni mirasynyň möhüm bölegi bolup, toýlarda, baýramçylyklarda we milli däp-dessurlarda giňden ulanylýar. Şeýle hem, häzirki döwürde olaryň döwrebap görnüşleri döredilip, ýaşlaryň gündelik bezegleriniň bir bölegine öwrüldi. Milli şaý-sepler türkmen halkynyň ruhy dünýäsiniň, owadanlyga bolan garaýşynyň we taryhy-medeni mirasynyň aýrylmaz bölegidir. Olar diňe bir zenanlary bezänok, eýsem halkymyzyň asyrlar boýy dowam edip gelýän däplerini, ynançlaryny we döredijiligini hem ýaşadýar.