Türkmen halky özüniň milli gymmatlyklaryna mukaddeslik hökmünde garaýan halk. Göreniňde gözüňi gamaşdyrýan ençeme zenan lybaslarymyz türkmen gelin-gyzlarymyzyň zehininden, mähir-yhlasyndan kemala gelýär. Türkmen halky ýaly milliligini gorap-saklap asyrlardan miras goýan halklara hemmeleriň hormaty ulydyr. Türkmen gelin-gyzlarynyň çeper elleri bilen keşdelän lybaslaryny göreniňde ene-mamalarymyzyň keşde çekmek iňňe bilen guýy gazan ýaly diýmekliginiň asyl manysyna düşünýärsiň. Keşde çekmek ussatlygy, çeper elliligi we sabyrlylygy talap edýär. Çeper elli gelin-gyzlarymyzyň uz barmaklaryndan döreýän köz ýaly ýanyp duran keşdeli keteni köýnegi, tahýasy, dürli nagyşlar bilen bezelen çabytdyr begresi türkmen tebigatynyň gözýetmez ajaýyplyklarynyň, sahawatly türkmen topragynyň ajaýyplynyň berekediniň beýany we zenanlarymyzyň bezegidir. Zenanlarymyz asyrlardan aşyp gelen keşdeçilik sungatyny hem häzirki ajaýyp zamanamyzda hem sungat derejesine ýetirmegi başarýarlar. Olar her bir geýýän lybaslaryny döwrebap nagyşlar bilen bezäp milli türkmen lybaslary bilen türkmen toýunyň bezegini has-da artdyrýarlar. Bekarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwürinde ata-babalarymyzyň medeniýetini, taryhyny öwrenmäge we olary dünýä ýaýmaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimize, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys. Goý, Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan asylly işleri rowaç alsyn!