Ak bugdaýyň taryhy

Änew şäheri Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezi bolup, ol paýtagtymyz Aşgabat şäherinden 8 km gündogarda ýerleşýär. Arheologik maglumatlar Änew şäheriniň eneolit döwründe peýda bolandygyna şaýatlyk edýär. Biziň ata-babalarymyz gadymy döwürlerde hem Änew topragynda ekerançylyk,maldarçylyk bilen meşgulanypdyrlar we ekerançylykda däneli ekinleriň baş pugdagy bolan bugdaýyň, arpanyň birnäçe görnüşlerini ösdürip ýetişdiripdirler. Bu bolsa Änew topragynyň has gadymy döwürlerde hem ekerançylygyň gülläp ösen ýer bolandygyna şaýatlyk edýär. Ata-babalarymyzyň ak bugdaýyň tohumyny saýlap-seçip alyp bilmegi we ony dünýä halklarynyň arasyna ýaýratmagy başarmagy olaryň zähmetsöýer adamlar bolandygyndan habar berýär.Muňa garamazdan adamzat durmuşynyň ilkinji wagtlarynda adamlar diňe tebigatyň eçilen,ýabany ösümlikleriň miwelerini iýip oňňut etmäge eseslanypdyrlar.Tebigatyň guraklygy,sowuklygy adamlaryň ýaşaýşynda örän uly yz galdyrypdyr.Tebigy şertleriň bir ýerde amatsyzlygy bir ýerde bolsa oňaýlylygy adamlaryň ondan-oňa göçüp-gonmaklaryna sebäp bolupdyr. Ilatyň azlygy, meýdanlaryň giňligi hem şeýle ýaşaýşa amatly şert döredipdir.Diňe ekerançylygyň ýüze çykmagy bilen adam tebigata täsir edip başlapdyr.Adamlar täze ýerleri özleşdirip,suwaryş desgalaryny gurupdyrlar,ýeri ýumşadypdyrlar,tokaýlaryň agaçlaryny kesip onuň ýerine ekin ekipdirler.Adamlar ozal diňe tebigatyň eçilen ýabany däne ösümliklerini çöpläp iýen bolsalar, wagtyň geçmegi bilen admlaryň aňynyň ösmegi netijesinde,inni olaryň özleri ekin ekip özleride ýygnamaga girişipdirler. Otyrymly ekerançylykly obanyň bolmagy ilatyň köpelmegine getiripdir.Ýurdumyzyň ýerlerinde soňky ýyllarda geçirilen gazuw-agtaryş işleri netijesinde ekerançylyk bilen meşgul bolan oturymly obalaryň birnäçesi, ýagny Jeýtun,Çopandepe,Togalakdepe, Bamy, Çagylly, Monjukly ýaly ençeme obajyklaryň barlygy anyklanyldy. Mälim bolşy ýaly,ekerançylyk medeniýeti özüniň gözbaşyny Jeýtun medeniýetinden alyp gaýdýar. Jeýtun medeniýeti b.e.öňki VII-V müňýyllyga degişli, täze daş asyry döwründe Köpetdag eteginde döreýär.Ol hem bürünç asyryna çenli dowam edip, Jeýtun medeniýeti diýen at bilen taryha girdi. Jeýtun, ýagny ol at şol zamanyň ýadygärligi bolan jeýtun obasynyň ady bilen baglanşyklydyr. Jeýtun obasy Aşgabat şäherinden 30km demirgazykda ýerleşýär.Bu obada 1937-nji ýylda arheolog A.Maruşenka tarapyndan gazuw-agtaryş işleri geçirilýär. Geçirilen gazuw-agtaryş işleri netijesinde oraklaryň, arpa däneneleriň,palçyga garmak üçin ulanylan köp sanly sypal samanyň tapylmagy jeýtunlylaryň ekerançylyk bilen meşgullanandyklaryny subut etýär.Jeýtunlylaryň meýdany Jeýtunyň günortasynda akýan,Köpetdagdan gaýtýan Garasuw derýanyň suwy bilen suwarylypdyr.Jeýtunlylaryň oturymly ekerançylyk we maldarçylyk bilen meşgul bolan döwründe dünýäniň köp böleginde adamlar ýabany ösümlikleri ýygnap, aw awlapdyrlar.Neolit öz ornuny eneolit asyry bilen çalyşýar.Ol döwür Jeýtun medeniýetinden Änew medeniýetine geçirilýän döwre gabat gelýär.Taryhy edebiýatda amerkan alymy Rafael Pampaelliniň änew şäheriniň golaýynda düýpli işleri netijesinde Änew “Änew medeniýeti ” ady bilen taryha girdi.