Hum küýze

Ahal welaýatynyň merkezi Änew şäherine ýerleşýän, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Milli “Ak bugdaý” muzeýi. Muzeýiň taryhy tapyndylary Änew medeniýetiniň b.e.öňki IV-III müňýyllyklara degişli digini taryhy tapyndylar şoňa sudnama bolup bu tapyndylaryň arasynda çakmak daşdan ýasalan pyçaklar, şemdanyň bölegi, haly nagyşlary çekilen küýze bölekleri, çalgy daşlary bolup durýär, şol tapyndylar biziň muzeýimizde arheologiýa bölüminde ýerleşýän. Änew şäherinde tapylan IX-XVI asyrlara degişli taňsyk bölekleri, toýundan ýasalan syrçaly we syrçasyz küýzeler hem uly orun eýeleýär. Şeýle-de galla orulýan orak, däne üwemek üçin daşdan ýasalan el degirmen daşlary, galla önümlerini saklamak üçin niýetlenen uly humlar hem bar. Ahal welaýatynyň çägindäki ýadygärliklerden hem-de gadymy Merwden–Gäwürgaladan getirilen uly humlar örän täsirlidir hem gadymydyr. Şeýle humlar Günorta Türkmenistanyň çäginde seýrek tapylýar. Humlar geçmişde däneli ösümlikleri, esasan hem bugdaýy saklamak üçin niýetlenipdir, olaryň käbirleri bolsa, urylara gömülipdir. Humlar miladydan ozalky II asyrdan XVIII-XIX asyrlara degişlidir. Bekarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwürinde ata-babalarymyzyň medeniýetini, taryhyny öwrenmäge we olary dünýä ýaýmaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimize, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys. Goý, Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan asylly işleri rowaç alsyn!