Halkymyzyň milli mirasynyň ýitip gitmezligi we ýaş nesillere ýetirmek üçin olary ýygnap, saklap hem-de öwrenip, wagyz edip ilata ýetirmek müzeýleriň, muzeý işgärleriniň esasy wezipesi bolup durýar. Milli mirasyň,taryhy gymmatlyklaryň üsti bilen mähriban watanymyza, halkymyza, onuň taryhyna, milli mirasyna söýgi döretmekde, ýaşlarymyzy milli ruhda terbiýelemekde muzeýleriň ähmiýeti örän uludyr. Biziň milli “Ak bugdaý” muzeýmiziň etnografiýa bölüminde ýerleşdirilen gymmatlygymyz Çolpy barada gürrüň bersek,bu taryhy gymmatlyk göräýmäge ýönekeý çybyjaklardan örülen hem bolsa, biziň ene- mamalarymyz çolpyny tagam taýýarlamakda giňden ulanypdyrlar. Geçmişdäki ata-babalarymyz öý hojalykda has giňişleýin peýdalanmaklyk üçin bu senedi öz gelin-gyzlaryna ýasap beripdirler, olar bolsa çolpyny haýsydyr bir tagamy süzüp almaly bolanlarynda peýdalanypdyrlar. Şeýlelikde çolpy häzirki döwrümizde süzgüjiň ýerine ulanylan senet bolup durmuşda uly orun eýeläpdir. Çolpy söwüt çybygynyň inçejik uzynjasyny saýlama görnüşde alyp, ony çyglygyna örüp goýansoňlar hem alyp ulanybermeli, sebäbi çybyklar guraýan ýagdaýynda-da öllügine goýulan şekilindäkiden üýtgemändir. Çolpy örülenden soň ýasy çemçe görnüşine gelip, çemçäniň gulpy ýaly inçelip gidýän ýeri bolsa, sökülmez ýaly ýörüte akly,goňurly alaja bilen berkidilipdir. Çolpyň reňki goýy goňur bolupdyr.Umuman çolpynyň daşky görnüşi süzgüje meňzeşdir. Çolpy häzirki döwürde örän seýrek ulanylýar. Biziň milli mirasymyzy döwletli işleri bilen beýan etmäge muzeýlerimize uly ýol açyldy.