Agzybirligiň ýoly

Milli demokratiýanyň asyrlarboýy synagdan geçen ýoluny dowam etdirmek bilen, döwlet durmuşyna degişli meseleleri Türkmenistanyň Halk Maslahatynda ara alyp maslahatlaşmak döwrebap durmuşymyzyň asylly däbine öwrüldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Tükmenistanyň Halk Maslahatyn Başlygy Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 15-nji iýulynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejisinde eden çykyşynda bu iri syýasy-jemgyýetçilik çäresine taýýarlykly barmak maksady bilen birnäçe wezipeleri öňde goýdy. Olaryň arasynda hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryna laýyklykda, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýokary zähmet üstünliklerini gazanan, halk arasynda uly abraýdan we sylagdan peýdalanýanildeşleimizi döwlet sylagary bilen sylaglamak, hormatly atlary dakmak boýunça alnyp barylýan işleri guramaçylykly ýerine ýetirmek wezipeleri hem bar. Türkmen halky hem-de eziz Watanymyz üçin aýratyn ähmiýetli, guwandyryjy, şanly baýram bolan Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günleri üýtgeşik joşguna, hakyky baýramçylyk ruhuna beslenýär.