Dostlugyň we sungatyň baýramy

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenisatan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda parahatçylygyň ilçileri bolan bedewleriniň dünýädäki şan-şöhraty has-da belende galýar. Beýik Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýuna barýan ýylymyzda ýurdumyzyň okgunly ösüşiniň nyşany hökmünde bedewlerimizi dünýäde giňden tanatmak, milli mirasymyzy wagyz etmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigini “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň Azerbaýjan Respublikasyna saparynyň dowamynda ýaýbaňlandyrýan çykyşlary-da doly tassyklaýar. Bede bady, bedew ruhy bilen gelen şanly ýylyň dowamynda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilmegi hem-de gatnaşylmagy meýilleşdirilýän atçylyk we atly sport uruglary boýunça çäreleriň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýylyň mart aýynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň Azerbaýjan Respublikasyndaky çykyşlary meýilleşdirildi. Bu çykyşlar Azerbaýjan Respublikasynyň Atly sport federasiýasynyň Baş sekretaryndan gelip gowşan çakylygyň esasynda guralýar. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalarynyň çykyşlaryna Baku şäherindäki “Bina” atçylyk sport merkezinde badalga berildi. 4-nji martda bu toplumda ýurdumyzda we daşary döwletlerde meşhur bolan bu toparyň çykyşlary örän täsirli medeni çärä hem-de türkmen atçylygynyň baý däplerini we çapyksuwarlaryň özboluşly ussatlygyny görkezmek bilen, dostlugyň we sungatyň hakyky baýramyna öwrüldi.