Belent maksatlar bilen

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda giň gerimli işler amala aşyrylyp, halkymyz ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly gadam urýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly baýramy giňden belleniljek 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýilip atlandyrylmagy hem ýurdumyzyň okgunly ösüşlerini, belent maskatlaryň ýolunda röwşen geljege tarap ynamly öňe barýandygynyň aýdyň beýanydyr. Bu şygar halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen behişdi bedewlerimize egsilmez söýgini we hormat-sarpany hem alamatlandyrýar. Türkmenistanda ykdysadyýeti sanlylaşdyrmakda we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmakda uly öňegidişlikler gazanylýar. Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň batly depginlerde dowam etdirilmegi ýurdumyzyň şähergurluşyk we ekologiýa babatda dünýä nusgalyk işleri bitirýändigini görkezýär. Diýarymyzda amala aşyrylýan iri maýa goýum taslamalary diňe bir ykdysady taýdan däl, eýsem, uly durmuş ähmiýetine-de eýedir. Täze önümçilik toplumlarynyň işe girizilmegi bilen ýüzlerçe täze iş orunlarynyň hem döredilmegi halkymyzyň iş bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmaga ýardam edýär.