Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (Ýunesko) bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Türkmenistanyň 1993-nji ýylda ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy bolan döwründen bäri durmuşa geçirilen işler ýurdumyzyň dünýä giňişligindäki abraýynyň has-da artmagyna itergi berdi. Häzirki wagtda BMG we onuň iri düzümleri, şol sanda ÝUNESKO bilen ýokary derejeli gatnaşyklary berkitmek, hyzmatdaşlygyň döwrebap ugurlaryny kesgitlemek babatda geçirilýän çäreler barha giň gerime eýe bolýar. Ýakynda ÝUNESKO-nyň Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherindäki ştab-kwartirasynda geçirilen Bilim boýunça bütindünýä hasabatynyň “2030-njy ýyla çenli hasap; elýeterlilik we deňlik” atly tapgyryna Türkmenistanyň bilim ministri hem gatnaşdy. Dünýäniň dürli döwletlerinden bilim ulgamy boýunça ýolbaşçylary hem-de bilermenleri bir ýere jemlän bu halkara maslahat ulgamyň öňünde duran wezipeleri ara alyp maslahatlaşmagyň özboluşly meýdançasyna öwrüldi.