Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, halkymyzyň köp asyrlaryň dowamynda döreden milli gymmatlyklaryny dikeltmekde we medeniýetimizi baýlaşdyrmakda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda halkymyzyň milli ýörelgelerinden, giň dünýägaraýyşyndan, pähim-paýhasyndan gözbaş alýan, pederimiziň nesilden-nesle geçirip gelýän milli däp-dessurlary, asylly durmuş kadalary ylmy esasda öwrenilýär we geljek nesillere ýetirilýär. Ata-babalarymyzdan bize miras galan milli gymmatlyklaryň ählisi nesilden-nesle geçip, şu günlerimize ýetip gelipdir. Olaryň içinde türkmeniň ak öýi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Agaç önümlerinden taýýarlanýan türkmeniň ak öýi gözbaşyny has irki döwürlerden alyp gaýdýar. Dünýäde iň ilkinji ýasalan, gurnalan zatlaryň iň gadymysy, syrlysy, ajaýyby, täsini hem-de amatlysy türkmeniň ak öýleri diýsek ýalňyşmasak gerek. Sebäbi şu wagta çenli ak öýleriň dörän wagtyny, anyk ýaşyny kesgitli aýdyp bilýän ýok. Bar bolan etnografik maglumatlara görä, ak öýleriň taryhy örän gadymydyr. Ak öýleri synlanyňda, onuň durkunyň tutuşlygyna türkmen halkynyň ýaşaýyş durmuşy bilen halkyň bagbançylyk, maldarçylyk, we senetçilik önümleri bilen baglanşyklydygyny görmek bolýar. Ak öýler durmuş zerurlygyna uýgunlaşdyrylan we göçüp-gonmak üçin amatly serişde bolup, çarwa durmuşynyň ähli talaplaryna laýyk gelýär. Häzirki döwürde ak öýlerimiz ýurdumyzda geçirilýän toý-baýramlaryň bezegidir. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen döwlet derejesindäki, il-ýurt bähbitli maslahatlardyr, ýygnaklary geçirmek üçin welaýatlarymyzyň her birinde “Türkmeniň ak öýi” binasy guruldy. Halkymyzyň milli medeni gymmatlyklar ulgamynda aýratyn orun eýeleýän türkmeniň ak öýi kämil binagärlik sungatynyň bir görnüşidir. Türkmen ak öýi çarwa maldarlarynyň örän rahat göçme ýaşaýyş jaýy bolupdyr. Sebäbi onuň ýeriň sarsmagyna çydamlylygy, içiniň howasynyň çalşyp durmagy ýaly amatly taraplary bardyr. Adaty ak öýde gündeki ulanylýan zatlaryň hersiniň goýulýan ýerleri bolupdyr. Öýüň düşegine gülli keçe, haly, palas düşäpdirler. Öýüň gapysynyň sag tarapynda azyk, gap-çanak, el degirmeni, satyl ýaly zatlar goýlupdyr we şol ýere “gap böwri”, “aş böwri” diýlipdir. Bu ýer maşgalanyň zenanlary we çagalary üçin niýetlenipdir. Erkek adamlaryň oturan tarapyndan tagta sekijigiň üstünde däneli argyş çuwaly, düýäň howudy, atyň eýeri, ýüp, don, aýakgap ýaly hojalykda ulanylýan zatlary goýupdyrlar. Gapyň garşysynda bolsa owadan gyzyl, egin-eşik salynýan haly çuwalyny asypdyrlar. Bu gymmatlyklar häzirki wagtda türkmen durmuşynyň aýrylmaz bir bölegi bolup durýar. Türkmen halkynyň milli mirasyny ylmy taýdan öwrenmekde, olary dünýä ýaýmakda döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýaryn! Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli alyp barýan asylly işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!