Türkmen topragy-rysgal berekediň çeşmesi

Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny halkara derejesinde ösdürmekde we ony iň bir girdejili pudaga öwürmekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatly çözgütleri durmuşa geçirýär. Haýsy ýurduň tämiz asmanynda parahatçylyk guşlary bagt hakynda aýdym aýdyp, erkana uçýan bolsa, şol mekanyň topragynda eşret derýasy akyp, dag-düzleri, ekinzarlyk ýerleri sahawatlanýar. Olaryň çekýän asylly zähmeti netijesinde, ata-babalarymyzyň bize miras goýan kämil daýhançylyk tejribesi häzirki zamanyň ekerançylyk usullary bilen utgaşdyrylyp, oba hojalyk ulgamynda uly zähmet ýeňişleri gazanylýar hem-de dünýä ýüzünde türkmen daýhançylyk däpleriniň şan-şöhraty gaýtadan dabaralanýar. Soňky döwürde ýurdumyzyň oba hojalygyny düýpli özgertmekde, ýokary depginler bilen ösdürmekde, topragymyzyň berekedini artdyrmakda has netijeli işler amala aşyrylýar. Çünki oba hojalyk işgärleriniň, edermen daýhanlarymyzyň baş maksady rysgal-bereket eçilýän sahawatly türkmen topragynyň gadryny bilip, ony aýawly saklap, ýerden bol hasyl öndürmekden, öz halal, päk zähmeti bilen üstünlik gazanyp, dünýä eşretleriniň elýeterli durmuşynda bolelin ýaşamakdan ybarat bolup durýar. Oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler uly depginde alnyp barylýar. Şu günler bugdaý ekilen m eýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri, hususanda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Ýurdumyzda ýeralmanyň, gök-bakja, beýleki oba hojalyk ekinleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak bu önümler bilen ilatymyzy artygy bilen üpjün etmek biziň oba hojalykçylarymyzy borjy bolup durýar.