Gadymy we baý ekerançylyk medeniýetiniň ýurdy hökmünde Türkmenistanda häzirki wagtda topraga yhlasly çemeleşmek täze many-mazmuna eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan oba hojalyk pudagynda başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli özgertmeler öz oňyn netijelerini berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba ýerlerinde amala aşyrylýan özgertmeler esasynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumy hil taýdan täze derejelere göterilip, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam edýär. Ýurdumyzda dürli ekerançylyk önümleriniň öndürilşini artdyrmagyň hasabyna oba hojalyk toplumynyň netijeliligini ýokarlandyrmagy şertlendirýän ägirt uly özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Oba hojalyk pudagy milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde möhüm orny eýelemek bilen, ol senagat üçin zerur bolan çig maly, azyk bolçulygyny üpjün edýär hem-de ýurdumyzyň halk hojalygy toplumynyň ösüşine itergi berýär. Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine çykarmaga, halkymyzyň abadan ýaşaýşy we has-da öndürijilikli zähmet çekmegi üçin amatly şertleri döretmäge, döredijilik kuwwatyny netijeli ulanmaga gönükdirilendir.