Gadymy Parfiýanyň araçäginde bir wagtlar ýaşan halklaryň taryhyny, medenýetini we sungatyny öwrenmekde hünärmentçiligiň belli bir ugurlaryna , hususan , küýzegärçilik degişli ylmy barlaglaryň uly ähmiýeti bar. Küýze önümleri Parfiýa döwletiniň taryhynda uly ornuny eýeleýär. Türkmenleriň ata – babalarynda ussaçylyk iň bir mukaddes şeýle hem lebzi halallygy talap edýän kesip – kärdir. Zergärler , demirçi ussalar, küýzegärler şol döwürlerde hem il – günüň hyzmatynda bolup, alkyş alýan sylagly adamlar bolupdyrlar. Nusaý galasynda geçirlen gazuw - agtaryş işleriň netijesinde tapylan taryhy tapyndylar onuň bütin dünýä bilen söwda we medeni gatnaşyklarynyň bolandygyny görkezýär. Biziň topragymyzda birmahallar meşhur bolan Parfiýa patyşalygy, ägirt uly ýadygärliklerini galdyrdy. Şol ýadygärlikler beýik sepgitlereýetip, sebitimiziň gülläp – ösendigine şaýatlyk edýär. Gadymy Nusaý, Merw we Köneürgenç bilen birlikde tutuş adamzadyň gymmatlygy hökmünde ykrar edilmeginiň özi türkmen halkynyň dünýä siwilizasiýasynyň genji – hazynasyny ägirt uly goşant goşandygynyň subutnamasydyr. 2007-nji ýylda Gadymy Nusaý ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Nusaýdan tapylan maddy gymmatlyklaryň arasynda mermerden, altyndan, kümüşden, şirmaýydan, aýnadan, keramikadan, dag hrustalyndan ussatlyk bilen ýasalan önümler bar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe asyrlaryň dowamyndan nusgalyk miras galan maddy we medeni mirasymyzy ýaş nesillerimize ýetirmekde taýsyz tagallalary edýän Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak , işleri rowaç bolsun!