Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedenterbiýe we sport ýurdumyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan döwletimiziň ähli künjeklerinde döwrebap sport mekdepleriň, desgalaryň we sport toplumlarynyň birnäçesi hereket edýär. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda sportuň mekanyna öwrülen eziz diýarymyzda türgenlerimize ähli sport hereketine gatnaşmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Sport enjamlary bilen enjamlaşdyrylan Ak bugdaý etrabynyň sport mekdebinde sportuň birnäçe görnüşleri boýunça ussat tälimçi-mugallymlar tarapyndan ýüzlerçe ýaş türgenlere okuw-türgenleşik sapaklary geçirilýär. Olar etrap, welaýat, döwlet derejesinde geçirilýän ýaryşlara yzygiderli gatnaşyp baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Ak bugdaý etrabynyň sport mekdebinde sport ulgamynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde yzygiderli wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär. Ol duşuşyklarda ýaşlary bedenterbiýe we sporta çekmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmek, sagdyn-ruhly berk-bedenli nesillerde Watançylyk duýgusyny ösdürmek, ýaramaz endiklerden daşda durup, arassa ahlakly, jemgyýetçilik tertip-düzgünleri berjaý etmek baradaky öwüt-ündewler uly orun eýeleýär. Türkmenistan döwletimizde köpçülikleýin bedenterbiýe we sport hereketini ösdürmekde uly ösüşlere alyp barýan Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il bähbitli ýurt ähmiýetli tutumly işleri barha rowaçlyklara beslensin!