Milli ykdysadyýetimiziň esasy pudagy bolan oba hojalygyny ösdürmek ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda, üstünlikli işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek boýunça kabul edilen çözgütleri durmuşa geçirmek, ýurdumyzda ýer we suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak üçin Karar kabul edildi. Oba hojalygynda, ekerançylykdan peýdalanylýan daýhan hojalyklarynda ekin dolanşygyna girizilen ýerleriniň azyndan 70 göteriminde şertnamalaýyn esasda bugdaý, gowaça we döwlet tabşyrygyna girýän beýleki oba hojalyk ekinlerini, galan böleginde bolsa, ylmy esasda ekin dolaşygyny geçirmek üçin döwlet tabşyrygyna girmeýän oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek hem-de berilen umumy ýer bölegi üçin döwlet tabşyrygyna girýän oba hojalyk ekinleriniň hasylyny öndürmek boýunça bellenen meýilnamany doly ýerine ýetirmek şertinde önüm öndürijilere 99-ýyla çenli peýdalanmaga berildi. Daýhan hojalykçylara ösen döwletleriň kombaýnlary, oba hojalyk tehnikalary, ätiýaçlyk şaýlary yzygiderli alnyp berilýär. Ýokary hilli tohumlar dökünler bilen üpjün edilýär.