“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyz daýhanlar barada edýän ýadawsyz aladasy, berýän kömekdir, goldawlary netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy uly ösüşlere we özgerişlere eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda döwlet tarapyndan, oba hojalyk tehnikalaryny satyn almak üçin daýhan birleşiklerine, kärendeçilere, telekeçilere ýeňillikli karzlaryň berilmegi ekerançylaryň zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmaga, sahawatly toprakdan has köp hasyl almaga ýardam edýär. Ýokary hasyl öndürmekde oba zähmetkeşlerine tehniki hyzmatlar, mineral dökünler, ýokary hilli tohumlar hem-de ösümlikleri zyýankeşlerden goraýan himiki serişdeler ýeňillikli bahalaradan berilýär. Döwletimiz dünýäniň ýokary öndürijilikli, işlemek üçin ähli amatlyklary bolan tehnikalary yzygiderli satyn alýar. Daýhanlar bilen olaryň öndüren önümleri üçin hasaplaşyklar öz wagtynda amala aşyrylýar. Bularyň ählisi daýhanlara oba hojalyk önümlerini ýokary hilden has köp öndürmäge höwes döredýär.