Dermanlyk hem ýokary bezeg häsiýetli ösümligiň dünýäde 60, şol sanda Türkmenistanda 15 görnüşi duşýar. Çyryş aprel-iýun aýlarynda gülleýär. Onuň hozjagaz şekilli miwesi maý-iýul aýlarynda ýetişýär. Melhemlik hem iýmitlik maksatlary üçin gory ýeterlik. Seýrek ot-çöpleriň hataryna girmeýär. Diýarymyzda Günorta-günbatar Köpetdagda: nohurda, Saýwanda, Deştde, Bendesende, Merkezi Köpetdagda: Howdanda, Gökderede duş gelýär. Ösümligiň köki, şeýle-de, terje ýapragy dermanlyk çig maly bolup hyzmat edýär. Çyryşyň kökünde hem ýapragynda polisaharidler, ylaýta-da, eremuran polisaharidi köp mukdarda saklanýar. Suwda eredilen tozdan aýratyn ýelimjimek massa emele gelýär. Ony peşew çykaryjy, gakylyk goparyjy hökmünde ulanmak bolýar. 15 gram ýaşajyk köklerinden taýýarlanan melhemlik çig malyny bir bulgur suwa atyp gaýnatmaly. Emele gelen dermanlyk peti hasadan geçirip, nahardan 20-30 minut öň, gün içinde 3 gezek ýarym bulgurdan içmeli. Dermanlyk pet keýpiňini çaglaýar, sowuklamanyň hem zäherlenmäniň garşysyna haýyrly. Otjumagyň täze ýapraklaryndan edil otly gutabyň bişirilişi ýaly edip taýýarlamaly. Ony ýel çykaryjy hökmünde peýdalansaň bolýar.Ösümligiň guradylan klubenini sokyda owratmalywe ony 1-2 gramdan her gün nahardan öň 3 wagtyna içmeli. Melhemlik toz önelgesizlik sökelliklerinde peýdalanylýar.