HARAÇEKEN

Täsin dermanlyk daragtyň Türkmenistanda 8 görnüşi duşýar. Ösümligi başgaça alyç we ýemşen diýip atlandyrýarlar. Haraçeken ýurdumyzyň seýrek ösümlikleriniň hataryna goşulmaýar. Gyrymsy agajyň dermanlyk maksatlary üçin güli, ýapragy we miweleri çig mal bolup hyzmat edýär.Olary irden we ýagyşdan soňra ýygmak maslahat berilmeýär. Ýygnalan gülleri adaty usulda bassyrmanyň aşagynda guratmaly. Onuň miwesi bilen gülleri ýygnalýarka pudaklaryny döwmeli däl. Haraçekeniň himiki düzümi doly öwrenilmedik. Ýöne onuň pontiý aljyna kybapdaşdygy maglumatlarda duş gelýär. Onuň gülünde kofein, hlorogen turşusy, holin, efir ýaglary saklaýar. Miwesinde alma, limon turşylary, şeker, flawonow glikozidi, eý maddalary, С witamini, karotin bar. Bulardan başga-da demir, mis, sink, margenes ýaly mikroelementlere baýlygy baradaky maglumatlar onuň saglyk üçin möhümdigini tassyklaýar. Haraçekeniň gülünden, ýapragyndan we miwesinden taýýarlanylan derman serişdeler (jöwher, pet, şerbet) türkmen halk lukmançylygynda gan basyşyny peseldiji, ýüregiň damarlaryny giňeldiji, kislorod üpjünçiligini gowylandyryjy, işjeňligi ýokarlandyryjy, rahatlandyryjy, buşukdyryjy, ukysyzlykda, nerw kesellerinde, garaguş keselinde haýyrly serişde hökmünde ulanylýar. Ösümligiň bir nahar çemçe gülüni bir bulgur gaýnaga atyp, agzy ýapyk gapda 2 sagat saklamaly. Hasadan geçirip, nahardan öň her gün bulguryň ¼-ni 3-4 gezek içmeli. Haraçekeniň nahar çemçe guradylan miwesini bir bulgur gaýnaga demläp, gyzgyn peçiň üstünde agzy ýapyk gapda goýmaly. Gaýnamanka aýryp, 2 sagat çemesi saklamaly. Jöwheri hasadan geçirip, 3 nahar çemçeden gün içinde 3-4 gezek nahardan öň kabul etmeli.