AKSARAÝDIŇ

Aksaraýdiň ýadygärligi Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň merkezinden 20 kilometr aralykda, Aksaraý obasynda ýerleşýär. XI-XII asyrlara degişli bu taryhy bina seýrek duş gelýän üç gatly diň şekilli binagärlik gurluşydyr. Binanyň diwarlary 26-28х4,5 santimetr bolan bişen kerpiçden palçyk ergininde örülipdir. Onuň umumy boýy 14 metre ýakyn. G.Pugaçenkowa Aksaraýdiň ýadygärligini töwereginden tapylan maglumatlara esaslanyp ony XI-XII asyrlara degişli hasaplaýar. Uzak wagtlap tebigy hadysalaryň (ýagyş, gar, ýel we ş.m.) weýran ediji täsirlerine sezewar bolandygy üçin düýpli zeper ýetendigini bellemek gerek. Orta asyrlaryň täsin ýadygärligi Aksaraýdiň goralyp saklanmaga, şeýle hem çynlakaý ylmy gözleglere mätäçdi. Uly göwrümli dikeldiş işleriniň geçirilmegi netijesinde gymmatly ylmy maglumat toplanyldy we ýadygärlik asyl görnüşine eýe boldy.